Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

1

20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda ösüp gelýän nesil barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi tassyklandy.