Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrýar

13

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.