Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy

15

Döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden we ýeňilliklerden netijeli peýdalanýan gallaçy kärendeçiler Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrdylar. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, edermen gallaçy daýhanlaryň asylly zähmetiniň miwesidir.
Şu günler güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar. Möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işi gallaçy kärendeçileriň öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmakda obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerine möhüm orun degişlidir. Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramaga we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge mümkinçilik döredýär. Şunda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.
Şu ýyl galla oragy möwsüminiň ýokary depginlerde alnyp barylmagy pudaklaýyn düzümiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň 1 million tonnadan gowrak hasyly Watan harmanyna tabşyryp, belent sepgidi eýelemegine welaýatlaryň zähmetsöýer daýhanlarynyň mynasyp goşandynyň bolandygyny aýtmak ýakymly. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we degişli talaplara laýyklykda saklanylmagyna berilýän ähmiýetiň örän uludygyny aýdyň görkezýär.
Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýlelikde, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge höwesini artdyrýar.
Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.