Türk­me­nis­tan­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam et­mäge, hä­zir­ki za­man te­le­ke­çi­lik inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny eme­le ge­tir­mä­ge ug­ruk­dyr­ýan jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­ne 17 ýyl bol­dy.
18-nji mart­da bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly hu­su­sy pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di.
Bu hal­ka­ra fo­ru­my­ny (IFT 2025) «TMT Con­sul­ting Group» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy gu­ra­ýar. Fo­ru­ma gat­naş­mak üçin 26 ýurtdan 200-den gow­rak we­kil Aş­ga­ba­da gel­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­dyr ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry bi­len bir­lik­de, Rus­si­ýa­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Es­to­ni­ýa­nyň, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryň, Azer­baý­ja­nyň, Uk­rai­na­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Ni­der­land­la­ryň, Be­la­ru­suň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň we­kil­le­ri­ hem bar.
Hal­ka­ra mas­la­hat yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni, da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lary, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny, şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýet we in­no­wa­si­ýa­lar ul­ga­myn­da­ky hü­när­men­le­ri bir ýe­re ýyg­na­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­li­gi­ne gy­zyk­lan­ma­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu wa­ka äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­de ýur­du­my­zyň mö­hüm äh­mi­ýet­li or­nu­ny ýü­ze çy­ka­ryp, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry bi­len bir­lik­de, ma­ýa­dar­la­ryň we bi­ler­men­le­riň giň to­par­la­ry­nyň hem ün­sü­ni çek­ýär. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra se­na­gat, ulag, oba ho­ja­lyk, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky ile­ri tu­tul­ýan tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­ma­ga, hu­su­sy işe­wür­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri öw­ren­mä­ge, hal­ka­ra we ýer­li ma­ýa­dar­lar, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry we işe­wür­li­giň we­kil­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, se­bit­de işe­wür­li­gi alyp bar­ma­gyň, ma­ýa go­ýum et­me­giň iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ne ba­gyş­la­nan bi­ler­men­le­riň mas­la­hat­laş­ma­la­ry­na müm­kin­çi­lik bol­dy.
IFT 2025 hal­ka­ra fo­ru­my Türk­me­nis­ta­nyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň ösüş­le­ri: ýe­ti­len sep­git­ler we müm­kin­çi­lik­ler, Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge ýar­dam ber­mek: hal­ka­ra we mil­li tej­ri­be­ler, Üz­nük­siz aý­law­ly (sir­kul­ýar) yk­dy­sa­dy­ýet: Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat, gur­lu­şyk, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­dak­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ösü­şin­de hu­su­sy pu­da­gyň or­ny, Oba ho­ja­ly­gy­na in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­da hu­su­sy pu­da­gyň ga­za­nan­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ýyn ugur­la­ry ýa­ly bö­lüm­le­ri öz içi­ne al­ýar. Bu bö­lüm­le­riň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ple­nar mej­lis­ler­de ýer­li bi­ler­men­ler bi­len bir ha­tar­da BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Na­ri­ne Sa­ak­ýan, Tür­ki söw­da we se­na­gat eda­ra­sy­nyň we­ki­li Adem Ku­la, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Jon MakG­re­gor, Türk­men-ga­zak işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň ga­zak ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­sy Aý­dar Ka­zy­ba­ýew, Azi­ýa Ösüş Ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň di­rek­to­ry Ar­tur And­ris­ýak ýa­ly birnä­çe bi­ler­men­ler çy­kyş et­di­ler. Çy­kyş­lar­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da maýa go­ýum­la­ry­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi bel­le­nil­di.
Hal­ka­ra fo­rum­da hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da çar­çu­wa­ly yla­la­şyk­la­ra, öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da äht­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň tä­ze önüm­le­ri­niň, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy. Şun­da tek­lip edil­ýän tas­la­ma­la­ryň yk­dy­sa­dy taý­dan ne­ti­je­li­li­gi­ne, ola­ryň eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk­ly­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hal­ka­ra ma­ýa go­ýum fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, ola­ryň bar­şyn­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin gel­je­gi uly ugur­lar kes­git­le­nil­di.