Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmä-ge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrýan jemgyýetçilik edarasy bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 17 ýyl boldy.
Bu şanly waka mynasybetli 18-nji martda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi.
Halkara maslahat ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnady. Munuň özi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli ornuny ýüze çykaryp, öňdebaryjy halkara maliýe institutlary bilen birlikde, maýadarlaryň we bilermenleriň giň toparlarynyň hem ünsüni çekýär.
Iri möçberli forum halkara guramalardyr maliýe institutlary bilen birlikde, Russiýanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Niderlandlaryň, Belarusuň, Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerini bir ýerde jemledi.
Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyň, maýa goýum etmegiň iň gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan bilermenleriň maslahatlaşmalaryna mümkinçilik boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň işewürliginiň wekilleri daşary ýurt maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlediler.
IFT 2025 halkara forumy Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşleri: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler, Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek: halkara we milli tejribeler, Üznüksiz aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýet: Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, ulag we syýahatçylyk pudaklarynyň häzirki zaman ösüşinde hususy pudagyň orny, Oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmakda hususy pudagyň gazananlary we maksatnamalaýyn ugurlary ýaly bölümleri öz içine alýar. Bu bölümleriň çäklerinde geçirilen plenar mejlislerde ýerli bilermenler bilen bir hatarda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Türki söwda we senagat edarasynyň wekili Adem Kula, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Gazagystan Respublikasynyň «Samruk-Kazyna» milli abadançylyk gaznasynyň jemgyýetçilik geňeşiniň agzasy, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň gazak tarapyndan ýolbaşçysy Aýdar Kazybaýew, Belarus Respublikasynyň «SoftClub» kompaniýasynyň ylym we innowasiýa boýunça Baş direktorynyň orunbasary Wladimir Anişşenko, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «MTS Mangal Transport & Shipping GmbH» kompaniýasynyň direktory Mangal Azgarkhil, Niderlandlar Patyşalygynyň «M&P Holding» kompaniýasynyň direktory Anatoliý Nikulin we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary boýunça wise-prezidenti Piter Zakse hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «China Railway Construction Heavy Industry Corporation Limited» kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Tang Žiwei ýaly bilermenler çykyş etdiler. Çykyşlarda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda maý goýumlaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

40 milliard 72 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew çykyşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň orny we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmenistanyň jemi içerki önümi soňky ýyllaryň dowamynda durnukly depginde ösýär we 2024-nji ýylyň netijesi boýunça 6,3 göterim artdy diýip belledi. Her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň hasabyna onlarça önümçilik desgalary, tutuş obalar we şäherler gurlup ulanmaga berilýär. Geçen 2024-nji ýylda hem 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi. 2025-nji ýyl üçin tassyklanan Maksatnama laýyklykda şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40 milliard 72 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu maýa goýumlaryň 70 göterime golaýy (26,3 mlrd. manady) önümçilik maksatly desgalaryň döredilmegine gönükdiriler. Olaryň 50 göterimden gowragy bolsa, (13,2 mlrd. manady) ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýyna düşýär. Bu sanlardan hem görnüşi ýaly, Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet derejesinde berilýän goldawlaryň netijesinde 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň tutýan paýyny 71,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar diýip nygtady.

Türkmenistan ikitaraplaýyn amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlary üçin açykdyr
Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary P.Ýagşyýew bolsa, döwletiň maýa goýum syýasaty, bu babatda hereket edýän kanunçylyk ulgamy we onuň aýrylmaz bölegi bolan guramaçylyk,
hukuk we ykdysady kadalaşdyryş namalary barada belläp geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda jemi 67 sany Maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyklar (28) we Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Ylalaşyklar (39) hereket edýär.
Türkmenistan ikitaraplaýyn amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlary çekmek boýunça maýadarlar üçin açyk bolup, Ykdysady ösüşiň ugurlaryny we gerimini yzygiderli giňeltmek bilen, şol sanda milli we daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin oňyn amatlyklary döretmegiň hasabyna maýa goýum hyzmatdaşlygyny özara peýdaly esasda ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine giň ýol açýar.