18-nji martda Aşgabatda “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyň guramaçylary hökmünde çykyş eder.
IFT 2025 Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnar.
Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri barada öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiñ wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyň we maýa goýum etmegiň iň gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan ekspert maslahatlaşmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berler. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyñ işewürliginiň wekilleri mümkin bolan maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlärler.
IFT 2025 öňdebaryjy türkmen telekeçileri, halkara maliýe institutlary we maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şert döretmek bilen, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança öwrülmegi maksat edinýär. Forum ählumumy hyzmatdaşlyga hem-de täze taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döreder, bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşar.