11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine baryp gördi. Bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar.
Bu ýerde hajy Arkadagymyzy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň metjitdäki aramgähinde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Hajy Arkadagymyz dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän metjide gelendiklerini we onuň dünýäniň iň uly metjitleriniň biridigini belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, metjitde ýazylan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy we onda oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berildi.
2007-nji ýylda açylan “Şeýh Zaýed” metjidine, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hemmelere baryp görmek rugsat berilýär. Metjidiň binagärlik aýratynlygy we eýeleýän ägirt uly meýdany görenleri haýran galdyrýar. Onuň dört burçunda dört sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezler bilen örtülendir. Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Metjidiň içki howlusyna dürli reňkli mermer daşy düşelipdir. Ýeri gelende bellesek, metjidi dünýäniň iň uly elde dokalan halysy bezeýär. Ol ýüň we nah ýüplüklerden dokalypdyr. Bu ajaýyp eseri döretmek üçin ussat halyçylar zähmet çekipdir. Haly metjidiň umumy bezegi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, onuň gözelligini has-da artdyrýar. Şeýle hem yslam binagärliginiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp lýustralaryň 7-si “Şeýh Zaýed” metjidini bezeýär.
Metjit bilen tanyşlygyň dowamynda hajy Arkadagymyz “Şeýh Zaýed” metjidine mukaddes Gurhany we namazlygy sowgat berdi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksat edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Metjidiň ýolbaşçylary sowgat üçin hoşallyklaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri we maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitaby sowgat berdiler. Bu kitapda “Şeýh Zaýed” metjidine hem uly orun berlipdir.
Hajy Arkadagymyz sowgat berlen bu kitaby Ahal welaýatynyň şu ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan baş metjidinde goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al Şatiýe” köşgüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna we onuň çäklerindäki duşuşyklara ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentine Birleşen Arap Emirliklerine gelmek baradaky çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly mümkinçilikleri açdy.
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşygy boldy.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, duşuşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny aýtdy, şeýle-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ep-esli işjeňleşdirilýändigini, iki ýurduň Hökümetleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň ugry boýunça özara saparlaryň yzygiderli esasda amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşmaça itergi berdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň Türkmenistan bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gezekki saparyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgermeler ýolunda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine Birleşen Arap Emirliklerinde tüýs ýürekden guwanylýandygy bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda BAE-niň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmäge taýýardygyny nygtap, ýurdumyzyň bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürýän täze kuwwatlyklary işe girizmegi maksat edinýän şertlerinde munuň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda, iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän ulgamlarynda hyzmatdaşlyk giňeldiler
12-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini, iki döwletiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ygrarlydyklaryny belläp, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
BAE-niň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň müftüsi we “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni 11-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň baryp gören Abu-Dabi şäherindäki “Şeýh Zaýed” metjidine bardylar hem-de binagärlik-tehniki aýratynlyklar, çäkleri abadanlaşdyrmak, içki we daşky bezeg, yşyklandyryş ulgamy we beýlekiler bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar we bu ýerde binagärlik babatda alan maglumatlarynyň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşyk işlerinde peýdaly boljakdygyna ynam bildirdiler.
BAE-niň wekilleri Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyna ýardam we maslahatlary bermäge, öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.