17-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara gatnaşyklar boýunça uly ösüşe eýe bolýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň milli parlamentleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygy hem-de strategik taslamalary kanunçylyk taýdan goldamakda möhüm gural bolup çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekilleri üçin kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşdäki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça guraljak okuw maslahatynyň guramaçylyk işleri, meýilleşdirilýän okuw sapaklarynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Hytaý tarapyndan guraljak okuw maslahatynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, özara düşünişmegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.
Çeşme:mejlis.gov.tm
PDF









