13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Osakanyň Kansai Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.
Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar, şeýle hem ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik duşuşyklaryny geçirer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.