“Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň sorag-jogap gullugy (075) täze hyzmaty hödürleýär.
Gulluga “075” belgi arkaly jaň edip, awtoulag sürüjileri öz awtoulag belgilerini aýtmak bilen, awtoulagyň tizliginiň bellenilen çäkden ýokarlandyrylandygy üçin jerimeleriň bellenendigi we olar boýunça näçe tölegleriň geçirilmelidigi hakynda giňişleýin maglumat alyp bilerler.
Şeýle hem, bu belgä jaň etmek arkaly halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we gazetlere we žurnallara abuna ýazylyşygyna degişli zerur maglumatlary alyp bolýar.