Ulag we kommunikasiýa ulgamy, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýän esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Ulag-kommunikasiýalary ýurduň ähli sebitlerini, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi bilen birleşdirýär we dünýä ykdysady ulgamyna integrasiýany üpjün edýär. Ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüş derejesi, tehnologiki ösüşi we siwilizasiýasy üçin iň möhüm şertlerden biridir. Bu möhüm pudagyň ähmiýeti ýurduň jemi içerki önümi we umumy durmuş-ykdysady ösüşine goşan goşandy bilen kesgitlenýär.
Ulag ulgamynyň ösüş strategiýasy, onuň material-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ulanmagy, ýolagçy we ýük göterijilikleri artdyrmagy, üstaşyr we halkara ýük gatnawlarynyň ugruny giňeltmegi, ýolagçylara ýokary hyzmat etmegi we howpsuzlygy üpjün etmegi maksat edinýär.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk we sanly hyzmatlar pudagy işjeň ösüşe tarap ugur alýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň telekommunikasiýa pudagynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda telekommunikasiýa pudagynyň material-tehniki binýady güýçlendirildi, iň täze sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy we daşary ýurt maýa goýumlary işjeň çekilýär. «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk torunyň ähli sebitlerde ösdürilmegi, şeýle hem awtomatlaşdyrylan billing ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we giňeldilmegi barada degişli işler geçirildi.
Ýurdumyzda «sanly.tm» atly milli elektron poçta ulanylmaga başlandy, köp sanly internet sahypalary hasaba alyndy, olaryň hatarynda elektron söwda meýdançalary hem bar. Internet ulgamyndaky dürli wiruslara garşy göreşmek üçin «Milli One» programmasy döredildi we işledilip başlandy. Bu programma wirusa garşy öňdebaryjy daşary ýurt programma üpjünçiliginiň bazalary bilen maglumat alyşmak arkaly yzygiderli täzelenýär.
Ýurdumyzyň demir ýollary halk hojalyk ýükleriniň daşalmagynda amatly ulag ulgamynyň görnüşi bolmak bilen, «polat ýollarynyň» sazlaşykly hereketi üpjün edilýär. Döwletimiziň demir ýol ulgamy diňe bir ýurdumyzyň çäginde dürli maksatly ýükleri daşamak bilen çäklenmän, ýükleriň sebitiň ýurtlaryna üstaşyr geçirilmeginde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Täze platformalaryň we hyzmatlaryň döredilmegi, şeýle hem aragatnaşyk infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzda häzirki zaman sanly ykdysadyýetini ösdürmäge we raýatlarymyza öňdebaryjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umuman, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag we logistik merkez hökmünde eýeleýän orny ýokarlanýar.
Ezizmämmet GARAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.