AFK Çempionlar ligasynyň finalynda Koreýa Respublikasynyň topary “Ulsan Hyundai” çempion boldy. Koreý kluby Katarda oýnalan finalda Eýranyň “Perespolis” toparyndan 2-1 üstün çykdy. Oýnuň 45-nji minutynda Mehdi Abdi “Persepolisi” öňe saýlady. Ýöne 1-nji ýarym tamamlanmanka, koreý kluby hasaby deňledi. Bu goly 45+4-nji minutda Junior Negrao öz adyna ýazdyrdy. 2-nji ýarymyň ilkinji 10-njy minutynda, has takygy, 55-nji minutda Junior Negrao koreý toparynyň öňe çykardy. Bu gol oýunda soňky gol boldy. Şeýlelikde, “Ulsan Hyundai” 2012-nji ýyldan soň, 2-nji gezek AFK Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagy başardy. “Persepolis” topary-da 2018-nji ýyldan soň, 2-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.
Ýaryşda Junior Negrao (“Ulsan Hyundai”) bilen Abderrazak Hamdallah (“Al-Nassr”) 7 gol bilen iň netijeli futbolçylar bolmagy başardy.