Germaniýanyň “Volkswagen” awtoulag kompaniýasy özüniň hytaý bazary üçin öndürýän awtoulaglaryna emeli aňy ulanmak arkaly ses bilen buýruk bermek ulgamyny ornaşdyrjakdygyny yglan etdi.
Bu barada CNBC teleýaýlymy habar berdi.
Ýagny üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, ähli “Volkswagen” ulaglary ses arkaly buýruk bermek üçin Tencent, Alibaba, Baidu ýaly tehnologiýlar bilen üpjün edilen emeli aň ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Ulgam sürüjiniň şahsy isleglerini öňünden anyklamaga mümkinçilik berer.
Bu ädim kompaniýanyň özüniň ýitiren bazaryna gaýdyp gelmek islegi bilen baglydyr, çünki Hytaý içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglardan elektrik ulaglaryna okgunly geçýär diýlip, habarda bellenýär.