Irlandiýanyň Kilder graflygynda tutuş oba – Village at Lyons («Liondaky oba») satuwa çykaryldy. Bu barada BILD neşiri habar berdi.
Indi 20 million ýewro töläp, täze eýesi daş öýlerden, meýhanadan, buthanadan, suwharazdan ybarat obaçylygy hem-de Dublin şäheriniň golaýyndaky kanalyň ýakasyndan ýer bölegini alyp biler.
Habarda birwagtlar obanyň çökendigi, emma 1990-njy ýyllarda ony “Ryanair” awiakompaniýasyny esaslandyryjy Toni Raýanyň ýolbaşçylygynda gaýtadan dikeldilendigi bellenýär. Obada abatlaýyş işleri geçirilende, onuň taryhy keşbini saklamaga jan edilipdir. 2016-njy ýyldan bäri bu ýerde “Cliff at Lyons” atly kaşaň oteli açan maýadar Barri O’Kallagan oba eýelik edýär.
“Village at Lyons” diýlen ýeri gozgalmaýan emläk däl-de, taryhy oba görnüşinde satuwa çykarýarlar. Ony täze eýesi islese, myhmanhana toplumy, islese, hususy ýeri hökmünde ulanyp biler.