Ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär, bilelikdäki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konserti hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, olary geljek nesillere ýetirmek işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň —akyldarlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF









