Wýaçeslaw Wolodin Russiýanyň döwlet Dumasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy. Oňa 406 deputat ses berdi, onuň bäsdeşi – kommunistleriň dalaşgäri Dmitriý Nowikow bolsa 36 ses aldy. Wolodiniň dalaşgärligini «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasy hödürledi. Wolodin saýlawda ses beren raýatlara goldawy üçin ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de halkyň saýlan Prezidentiň syýasy ýoluny goldaýandygyny belläp, ýurduň üstünligine uly goşant goşandygyny belledi.
PDF








