Angliýanyň alymlary tarapyndan geçirilen giň gerimli ylmy barlaglar 20-den 49 ýaş aralygyndaky adamlarda ragyň 11 görnüşiniň köpelýändigini ýüze çykardy. Rak barlaglary instituty we London imperiýa kollejiniň hünärmenleri 2001-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli bolan döwri seljerip, süýt mäziniň, içegäniň, aşgazanasty mäziň, böwrekleriň, bagryň we beýleki agzalaryň onkologik keselleriniň ýaşlaryň arasynda has ýygy duş gelip başlandygyny anykladylar. Alymlaryň pikirine görä, bu ýagdaýy diňe endik edilen durmuş ýörelgeleri bilen düşündirip bolmaýar, sebäbi soňky onýyllyklarda çilim çekmek, alkogol içgilerini ulanmak we iýmitde et önümleriniň sarp edilmegi ýaly töwekgelçilikli faktorlar ýaşlaryň arasynda peseldi ýa-da üýtgemedi.
Barlaglaryň netijeleri içegedäki we ýumurtgadaky ragyň diňe ýaşlaryň arasynda artýandygyny görkezýär, bu bolsa bu ýaş toparyna mahsus bolan aýratyn täsirleriň bardygyny subut edýär. Onkologik keselleriň döremegine täsir edýän esasy faktorlaryň arasynda diňe semizlik görkezijisi durnukly artmagyny dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, alymlar artykmaç agram bilen baglanyşykly rak görnüşleriniň diňe semizlik sebäpli däl-de, eýsem başga-da nämälim faktorlaryň täsiri bilen artýandygyny belleýärler.
Häzirki wagtda ylmy jemgyýetçilik keseliň artmagyna täsir edýän täze howplary, çagalyk döwründäki daşky gurşaw täsirlerini we anyklaýyş usullarynyň kämilleşmeginiň bu görkezijilere ýetirýän täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny belleýär. Şol bir wagtda, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çäreleriniň dowam etdirilmelidigi, aýratyn-da, durmuş taýdan ejiz gatlaklaryň arasynda semizlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşiň güýçlendirilmelidigi bellenilýär.
PDF









