Men bag­ban­çy­lyk edip, bag ýe­tiş­di­rip gö­rem­soň, mi­we­li agaç­lar bi­len bag­ly kä­bir ha­dy­sa­dan ha­bar­ly. Kä­bir agaç­lar ga­ba­ra­sy­nyň epeý­di­gi­ne, gö­räý­mä­ge, al­la­nä­me­di­gi­ne se­ret­mez­den, ha­syl­syz, ýek-tük ge­tir­ýän mi­we­si hem ta­gam­syz bol­ýar. Kä agaç we­lin, eý­ýäm bo­ýy ýe­ten­den ha­sy­la du­rup, mi­we ba­ry­ny ge­ti­rip baş­la­ýar. Özem onuň mi­we­si dat­ly bol­ýar. Beý­le agaç­lar uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bol mi­we­ berip be­gen­dir­ýär. Ýa­zy­jy­la­ryň ara­syn­da bol mi­we ge­ti­rip, «Ede­bi bos­san­da bi­ten aja­ýyp agaç» diý­dir­ýän­le­ri-de bar. Ine, şo­la­ryň bi­ri hem diý­seň ön­jeý­li iş­läp, en­çe­me eser­le­ri dö­re­den, mil­li ede­bi­ýa­ty­my­zy tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ren ýa­zy­jy Hem­ra Şi­row­dyr.
Ha­ly­pa ýa­zy­jy çe­per ede­bi­ýa­tyň äh­li žanr­la­ryn­da ez­ber iş­läp, öz­bo­luş­ly eser­le­ri bi­len oky­jy­la­ryň gyz­gyn söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Onuň ze­hin-uky­by­nyň ägirt­di­gi­ni, eser­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ne örän baý­dy­gy­ny, hiç ki­miň­kä meň­ze­me­ýän tä­sin til­sim­ler­de, özü­ne mah­sus äheň­de ýaz­ýan­dy­gy­ny tan­kyt­çy­lar, ede­bi­ýa­ty öw­re­ni­ji alym­lar ba­ryp ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ry­nyň aýak­la­ry­nda yk­rar et­di­ler. Mu­nuň ýer­lik­li ba­ha­dy­gy­ny ýa­zy­jy­nyň 1987-nji ýyl­da çap edi­len «Dal­jy­gan at» at­ly po­west­ler­dir he­ka­ýa­lar, er­te­ki­ler ýy­gyn­dy­syn­da, 1990-njy ýyl­da ne­şir edi­len «Maý­my­na öw­rü­len og­lan­jyk» at­ly goş­gu­lar we poe­ma­lar tom­lu­myn­da, 1991-nji ýyl­da çap edi­len «Ja­dy­gö­ýüň ýol­ka­sy» at­ly po­west­ler, he­ka­ýa­lar, er­te­ki­ler ýy­gyn­dy­syn­da ýer­leş­di­ri­len eser­le­ri do­ly su­but ed­ýär. Özem o­la­ryň her­si 200-300 ki­tap sa­hy­pa­syn­dan geç­ýän sal­dam­ly ki­tap­lar. 1992-nji ýyl­da şa­hy­ryň «Saý­la­nan eser­ler» ady bi­len goş­gu­lar we poe­ma­lar ýy­gyn­dy­sy hem oky­jy­la­ra go­wuş­ýar. «Saý­la­nan eser­ler» dür­li reňk­li su­rat­lar bi­len be­ze­lip, ki­ta­byň ba­şyn­da aw­to­ryň ak­wa­rel port­re­ti ýer­leş­di­ri­lip, örän çe­per gör­nüş­de çap edi­lip­dir. Ki­ta­byň ba­şyn­da­ky çak­laň­ja ta­nyş­dy­ryş an­no­ta­si­ýa­da «Gör­nük­li ça­ga­lar şa­hy­ry­nyň «Saý­la­nan eser­le­ri­niň» bir tom­lu­gy­na dür­li ýyl­lar­da ýa­zan goş­gu­la­ry­nyň, er­te­ki­le­ri­niň­dir poe­ma­la­ry­nyň iň go­wu­la­ry gir­ýär» diý­lip ýa­zy­lyp­dyr. Şol dö­wür­ler ne­şir­ýat­da Gur­ban­dur­dy Gur­ban­sä­he­dow, Nu­ry Baý­ra­mow, Ýag­myr Pir­gu­ly­ýew, Ital­maz Nu­ry­ýew, Ho­ja­ne­pes Me­lä­ýew, Saý­law My­ra­dow, Oraz Ak­mäm­me­dow, Ah­met Gur­ban­ne­pe­sow, Gur­ban­ýaz Daş­gy­now, Ho­ja­gel­di Nur­my­ra­dow, Ka­sym Nur­ba­dow, Baý­ram Sä­he­dow, Re­jep­my­rat Dur­dy­ýew, Bi­bi Oraz­dur­dy­ýe­wa, Ýaz­ju­ma Aga­gel­di­ýew, Esen­gu­ly Ama­now ýa­ly ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň iş­le­ýän döw­ri bo­lup, ede­bi ta­la­by öde­ýän ki­tap­la­ryň çy­ka­ryl­ma­gy ýa­zy­jy­nyň ze­hin-ba­şar­ny­gy­nyň ägirt­di­gi­ni, ýaz­ýan eser­le­ri­niň öw­gä my­na­syp­dy­gy­ny su­but ed­ýär.
Şol ýyl­lar­da Hem­ra Şi­ro­wyň uly ýaş­ly oky­jy­lar üçin hem «Düý­nüm. Şu gü­nüm. Er­täm» (1984 ý.), «Söý­gä sy­gyn» (1993 ý.) at­ly goş­gu­lar we poe­ma­lar ýy­gyn­dy­la­ry çap edi­lip, oky­jy­la­ryň gyz­gyn söý­gü­si­ne my­na­syp bol­ýar.
Ýa­zy­jy dra­ma­tur­gi­ýa žan­ry bi­len hem yk­jam meş­gul­la­nyp, en­çe­me sah­na eser­le­ri­ni, ki­nos­se­na­ri­le­ri ýaz­dy. Sah­na eser­le­ri res­pub­li­kan bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, bir­nä­çe ge­zek baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy. Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da re­žiss­ýor Ka­ka­jan Aşy­ro­wyň sah­na­laş­dyr­ma­gyn­da, kom­po­zi­tor Da­ňa­tar Hy­dy­ro­wyň saz be­ze­gin­de 1984-nji ýyl­da «Ak­pa­myk we döw­ler» er­te­ki-mýu­zik­li gör­ke­zi­lip baş­lan­ýar we bir­nä­çe teatr möw­sü­min­de hö­wes bi­len to­ma­şa edil­ýän spek­tak­la öw­rül­ýär. Teatr di­li bi­len aý­da­nyň­da, ha­ky­ky anş­lag dö­räp, dra­ma­tur­ga uly ab­raý ge­tir­ýär.
Baş­da-da bel­leý­şi­miz ýa­ly, Hem­ra Şi­row he­mi­şe ede­bi göz­leg­le­riň yş­gyn­da. Onuň su­rat gör­nüş­li goş­gu­la­ry, şe­kil­li şy­gyr­la­ry bol­sa di­ňe türk­men ede­bi­ýa­ty üçin däl, eý­sem, dün­ýä ede­bi­ýa­ty üçin hem tä­ze­lik­dir. Şo­nuň üçin hem şa­hy­ryň bu eser­le­ri bi­len ne­mes, türk, pars, rus şy­gyr muş­dak­la­ry, ede­bi­ýat­şy­nas­la­ry iç­gin gy­zyk­lan­dy­lar, in­ter­net ul­ga­myn­da şa­hy­ry bu şow­ly ede­bi-çe­per göz­leg­le­ri bi­len gyz­gyn gut­la­dy­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ol žur­na­list­lik ug­ry bi­len hem bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li meş­gul­lan­dy. Ga­zet-žur­nal­lar­da iş­läp, ýüz­ler­çe oçerk­le­ri, ma­ka­la­la­ry, fe­lýe­ton­la­ry, re­por­taž­la­ry, söh­bet­deş­lik-in­terw­ýu­la­ry, re­sen­zi­ýa-syn­la­ry ýaz­dy. Hem­ra Şi­row bu ul­gam­da­ky yh­la­sy üçin 1979-njy ýyl­da SSSR Žur­na­list­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­ýär. Onuň oçerk­le­ri žur­na­lis­ti­ka de­giş­li bäs­le­şik­ler­de bir­nä­çe ge­zek baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar. Şol dö­wür­de ýör­gün­li FED fo­to­ap­pa­ra­ty, baş­ga-da bir­nä­çe sy­lag­lar bi­len sy­lag­lan­ýar. Ga­ly­ber­se-de, ol 1996-njy ýyl­dan baş­lap, on­lar­ça ýy­lyň do­wa­myn­da üç dil­de (türk­men, rus, iň­lis) çap edil­ýän «Stan­dart, hil we howp­suz­lyk» žur­na­ly­na baş re­dak­tor­lyk ed­ýär. Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da mu­gal­lym bo­lup iş­län döw­rün­de bol­sa (2007-2015) beý­le­ki ders­ler bi­len bi­le­lik­de «Da­şa­ry ýurt žur­na­lis­ti­ka­sy», «Žur­na­lis­ti­ka­nyň esas­la­ry we teo­ri­ýa­sy» ders­le­rin­den sa­pak ber­ýär.
Ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri türk, pars, ne­mes, ta­tar, öz­bek, ga­zak, gyr­gyz, be­la­rus, çer­no­gor, es­ton we beý­le­ki dil­le­re hem ter­ji­me edi­lip, dür­li ýurt­lar­da çyk­dy.
Hem­ra Şi­row kom­po­zi­tor­lar bi­len iş­le­şip, en­çe­me uly göw­rüm­li saz eser­le­ri­niň, aý­dym­la­ryň ede­bi ýaz­gy­sy­ny hem ýaz­dy. Ol aý­dym­la­ryň kä­bi­ri­niň dö­re­di­le­ni­ne 40 ýyl­dan gow­rak wagt geç­se-de, hä­zir hem te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar­da, kon­sert­ler­de us­sat aý­dym­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ol Re­jep Re­je­bow, Da­ňa­tar Hy­dy­row, Baý­ram­dur­dy Hu­daý­na­za­row, Baý­ram Hu­daý­gu­ly­ýew, Dur­dy Nu­ry­ýew, Ka­ka­baý An­na­ne­pe­sow, Döw­let Mu­ha­mow, Je­ren Gur­ban­gy­ly­jo­wa, Aşyr Ab­dyl­la­ýew, Aý­na Şi­ro­wa, Re­jep Gut­ly­ýew, Nur­ber­di Ho­ja­ýew, Ital­maz Haý­da­row ýa­ly on­lar­ça kom­po­zi­tor­lar bi­len aý­dym­la­ry­dyr ope­ra, ope­ret­ta, mýu­zikl, saz­ly-dra­ma ýa­ly uly göw­rüm­li saz eser­le­ri­ni dö­re­tdi.
Hemra Şirow öz döredijilik ömründe önjeýli işläp, täze gözleglere baý, milli edebiýaty baýlaşdyran, belent derejelere göteren şowly eserleriň ýüzlerçesini döretdi. Häzirki wagtda olaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýan köp tomly eserler ýygyndysy neşire taýýarlanyldy. Ýazyjynyň 75 ýaş ýubileý toýuna taýynlanan bu neşir 35 tomdan ybarat bolup, oňa ýazyjynyň 3 romany, 30-dan gowrak powesti, 300-den gowrak hekaýalary we nowellalary, 100-den gowrak sahna eserleri, 30-dan gowrak poemasy, ençeme goşgulary, edebi ulgam baradaky makala-traktatlary, ýatlama hekaýatlary alyndy. Şeýle-de bu uly göwrümli eseriň 3 tomy rus dilinde bolup, olarda ýazyjynyň dürli ýyllarda rus diline terjime edilip, kitaplar görnüşinde, şeýle hem rus dilindäki gazet-žurnallarda çap bolan eserleri, soňky ýyllarda internet ulgamynda ýazyjy barada berlen käbir makalalar, alşan hatlaryndan bölekler ýerleşdirildi.


Ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri Wa­ta­na söý­gi, mu­kad­desliklere sar­pa, söý­gä yg­rar­ly­lyk, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek, adam­kär­çi­lik, mert­lik, ha­lal­lyk ýa­ly öwüt-ün­dew­le­re örän baý. Şu köp tom­ly ne­şi­ri ta­ýyn­la­ny­myz­da, ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri­niň wagt sy­na­gy­na go­wy tap ge­ti­rip bi­len­di­gi­ne, as­la kö­ne­liş­män­di­gi­ne göz ýe­tir­dik. Olar ýe­ne-de en­çe­me ar­ka ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp bi­ler.
Sö­zü­mi­ziň ahy­ryn­da dö­wür­le­ýin met­bu­gat­da tä­ze eser­le­ri bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan çy­kyş edip, oky­jy­la­ry be­gen­di­rip du­ran, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de du­şu­şyk­la­ry işeň­ňir­lik bi­len ge­çi­rip ber­ýän ha­ly­pa ýa­zy­jy­my­za mun­dan beý­läk hem berk jan sag­lyk, uzak ömür, dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Ça­ry­ýar SE­ÝI­DOW,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my, ki­no­re­žiss­ýor.