Moto GP boýunça möwsümiň 2-nji ýaryşy Argentinanyň Termas de Rio Hondo şäherinde geçirilip, edil 1-nji bäsleşikdäki ýarly doganlar Markesler 1-2-nji orunlary eýelediler. 25 aýlawdan ybarat ýaryşda “Ducati Lenovo” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiji bolup, ol ýaryşy 41 minut 11,1 sekuntda tamamlady. Bu onuň möwsümdäki 2-nji, karýerasy boýunça-da 64-nji ýeňşidir. Ýaryşda “Giresini Racing” toparynyň sürüjisi Aleks Markes agasy Mark Markesdan 1,362 sekunt soň pellehanadan geçen Aleks Markes 2-nji orny eýeledi. “Pertamina Enduro VR46 Racing” toparynyň italýan sürüjisi Franko Morbidelli 3-nji orna mynasyp boldy.
Geçirilen 2-nji ýaryşdan soň Mark Markes 74 utuk bilen 1-nji, inisi Aleks 58 utuk toplap 2-nji orunda barýar. Argentinadaky ýaryşda 4-nji orny eýelän 2022-nji we 2023-nji ýyllaryň çempiony Françesko Banaia 43 utuk bilen 3-nji basgançakda ýaryşy dowam edýär.
Möwsümiň 3-nji bäsleşigi 30-njy martda ABŞ-nyň Ostin şäherinde geçiriler.