Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi demokratik saýlawlar arkaly wezipä gelen we bu wezipäni iň uzak wagt ýerine ýetiren Hökümet Baştutany hökmünde taryha girdi. Ol özüniň üznüksiz dolandyran günleriniň sany boýunça garaşsyz Hindistanyň ilkinji Premýer-ministri Jawaharlal Nerunyň rekordyny täzeledi. 2014-nji ýylyň 26-njy maýynda ilkinji gezek kasam kabul edip, wezipesine başlan Narendra Modi şu ýylyň 10-njy iýunynda Hökümet Baştutany wezipesinde üznüksiz 4 müň 399 gününi doldurdy. Bu görkeziji bolsa 1952-nji ýylyň 13-nji maýynda geçirilen ilkinji ählumumy saýlawlardan tä 1964-nji ýylyň 27-nji maýyna (aradan çykýança) çenli jemi 4 müň 398 gün Premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Jawaharlal Nerunyň taryhy görkezijisinden öňe geçmäge mümkinçilik berdi.
Hökümet Baştutany Narendra Modiniň syýasy durmuşyndaky bu taryhy üstünlik ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we durmuş-ykdysady ösüşleriň netijeli barýandygyny subut edýär. Ol mundan öň, ýagny 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Indira Gandiniň hem rekordyny täzeläpdi. Ýurduň taryhynda yz galdyran zenan syýasatçy Indira Gandi 1966-njy ýylyň 24-nji ýanwaryndan 1977-nji ýylyň 24-nji martyna çenli bolan döwürde jemi 4 077 gün üznüksiz hökümet Baştutany bolupdy.
Bellemeli zat, bu taryhy görkezijiler ýurduň ilat sanynyň hem örän çalt artýan döwrüne gabat geldi. Jawaharlal Nerunyň ýurt Baştutany bolan ilkinji ýyllarynda Hindistanyň ilaty, takmynan, 340 million adam töweregi bolan bolsa, Narendra Modiniň 2014-nji ýylda wezipä başlan wagtynda bu görkeziji 1,31 milliarddan geçdi. Häzirki wagtda bolsa Hindistanyň ilatynyň sany 1 milliard 460 million adamdan geçdi.
PDF









