2023-nji ýylda Türkiýäniň gündogarynda bagynda işläp ýören bir daýhan Rim döwrüne degişli köp bölegi abat saklanyp galan mozaikanyň üstünden barypdy. Bilermenler 84 inedördül metri eýeleýän bu mozaikanyň häzire çenli abat saklanan iň uly mozaika bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Mozaikanyň abat galan ýerine Anadoly barsynyň şekili bar.
Elazyg döwlet arheologiýa we etnografiýa muzeýiniň gazuw-agtaryş boýunça bölüminiň başlygy Emre Çaýyr “The Art Newspaper” neşirine beren interwýusynda bu mozaikanyň bitewi ýagdaýda häzirki wagtda çenli gelip ýeten we bir döwürlerde bu ýerde ýaşaýan jandarlary suratlandyrýan ýeke-täk nusgadygyny belleýär. Onuň sözlerine görä ýurduň çäginde has uly mozaikalaryň bolmagy mümkin, emma olar köplenç geometrik şekillerden ýa-da mifiki temalardan emele gelen.
Bu mozaikanyň 2023-nji ýylyň aprelinde Elazyg welaýatynyň merkezi etrabynyň Salkaýa obasynda Mehmet Emin Sualp atly daýhan tapýar. Mozaikada bir barsyň dag geçisini kowalamagy, bir aýynyň keýigi yzarlamagy we tazylaryň ýabany doňza topulmagy ýaly tebigatdaky aw bilen bagly sahnalar suratlandyrylypdyr. Iň özüne çekiji suratda bolsa bir barsyň düýeguşuň boýnundan dişläp durandygyny görmek bolýar. Şol mozaikada sülgün, ördek we gaz ýaly guşlaryň parahat oturyşy, açylan güller we nar agaçlary hem bar.