1833-nji ýylyň 20-nji martynda Sankt-Peterburgda Aleksandr Puşkiniň şygyr bilen ýazylan «Ýewgeniý Onegin» romanynyň ilkinji doly neşiri çap bolup çykýar. Puşkin öz döredijiliginiň naýbaşy eseriniň üstünde 7 ýyldan gowrak wagt işläpdir. Wissarion Belinskiý bu esere «rus durmuşynyň ensiklopediýasy» diýip baha berýär.