2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda Ýewropa Bileleşiginde täze awtoulaglaryň satuwy 4,2 göterim ýokarlanyp, tas 3,8 million birlige ýetdi. Häzirki wagtda Ýewropa bazarynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçýär: ekologik taýdan arassa hasaplanýan elektromobillere we gibrid ulaglara isleg durnukly artýar, benzinde we dizelde işleýän adaty ulaglaryň satuwy bolsa, tersine, 16-17 göterim töweregi aşak düşýär. Bu ýagdaý has-da Hytaýyň awtokonsernlerine bäsdeşlikde uly artykmaçlyk berdi we netijede olar Ýewropadaky bazar paýyny iki esse artdyryp, 6 göterime (goňşy ýurtlar bilen bolsa 7,3 göterime) ýetirmegi başardylar.
Sebitiň awto-bazarynda «Volkswagen» (26,7% paý) we «Stellantis» (17,1% paý) ýaly Ýewropanyň öz ägirtleri henizem öňdeligi saklasalar-da, Hytaýyň BYD, “Chery” we “Leapmotor” ýaly brendleri birnäçe esse ösüş görkezip, olaryň yzyndan ýetmägä tagalla edýärler. Mysal üçin, diňe aprel aýynyň netijeleri boýunça Ýewropada satylan her bäşinji ulag (20,6%-i) elekttoulag boldy. Mahlasy, sebitde benzindir dizelli ulaglaryň döwri kem-kemden yza galyp, bazaryň geljegini indi doly derejede Hytaýyň we Ýewropanyň elektroulaglarynyň täze nesli kesgitleýär.
PDF









