Ýewropadan 13 topar ýaryşy dowam etdirýär

3

Dünýä Kubogynda 1/16 finala çykyp bilmedikleriň 3-si Ýewropadan bolup, futbolyň iň öňdebaryjy yklymyndan 13 topar ýaryşy dowam edýär. Türkiýäniň, Çehiýanyň we ýene-de şowsuzlyga uçran Şotlandiýanyň milli toparlary öýlerine dolandylar. Türkiýäniň ýygyndysynyň ir gaýtmagy garaşylmadyk netije bolup, şotlandlar 9-njy synanyşygynda-da toparçadan çykmak başartmady. Olar bu görkeziji boýunça öz antirekordlaryny täzelediler.
1/16 finalda 3 duşuşykda ýewropalylar özara duşuşarlar. Ýagny 1/8 finala iň köp 10 Ýewropa wekili çykyp biler. 1/16 finalda Fransiýa bilen Şwesiýa, Portugaliýa bilen Horwatiýa hem-de Ispaniýa bilen Awstriýa özara duşuşar we olaryň 3-si ýaryşy dowam eder.
2-nji gezek gatnaşýan Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy ilkinji sapar toparçadan çykmagy başardy. Olar pleý-off tapgyrynda Italiýadan üstün çykypdy. A, C, D toparçalaryndaky ýewropalylar toparçadan çykyp bilmedi.
7 ýygyndy toparçada 1-nji, 4 ýygyndy 2-nji, 2 ýygyndy-da 3-nji orny eýeledi.

1/16 finala çykan Ýewropanyň wekilleri: Şweýsariýa, Bosniýa we Gersegowina, Germaniýa, Niderlandlar, Şwesiýa, Belgiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Norwegiýa, Awstriýa, Portugaliýa, Angliýa, Horwatiýa