2100-nji ýyla çenli Ýewropanyň ilaty 11,7 göterim ýa-da 53 million adam azalar. Bu barada Ýewrostat edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Politico” neşiri habar berdi.
Emma demografik pese gaçyşlyk birbada başlanmaz. Ýewropa Bileleşiginiň ilaty biraz köpeler hem-de 2029-njy ýyla çenli 453 milliona ýeter. Emma şondan soňra ÝB-da uzak wagt dowam etjek ilat azalmasy başlanar. Ýaş hem-de zähmete ukyply ýaşlylaryň sany kemeler, ýaşy 80-den ýokarylaryň sany bolsa, häzirkiden iki esse köpeler. Munuň esasy sebäbi çaga dogluşynyň azalmagydyr, ýagny onuň bir zenana düşýän paýy takmynan 1,3 dogruma çenli pese gaçyp, ilatyň köpelmegi üçin zerur derejeden azdyr. Bu ýagdaý heniz hem dowam edýär.
“Demografik üýtgeşmeler işleýänleriň sanynyň kemelmegine we pensionerleriň tutuş Ýewropada köpelmegine getirer, bu bolsa, pensiýa hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryna ilatyň garramagy bilen baglylykda, agram salar – diýip, “Politico” nygtaýar. – Migrasiýa soňky ýyllarda ilatyň azalmagynyň ýerini doldy, emma çaga dogluşynyň doly möçberde öwezini dolmakdan ejiz geldi”.
Esasy Dünýä täzelikleri Ýewrostat: Ýewropanyň ilaty ýüzýyllygyň ahyryna çenli 50 million adam azalar
PDF









