«Subaru»-nyň ýolsuz ýerden ýöreýän (krossower) «Outback» we «Forester» modelleri gyşda sürmek üçin iň ygtybarly ulaglar bolup, gar-ýol tertibi bilen beýleki awtoulaglardan öňe saýlanýar.
Ýapon awtoulag brendi «EyeSight» howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. «Göz kamerasy» diýlip atlandyrylýan bu ulgam sürüjä ýoldaky we daş-töwerekdäki dürli howplar barada habar berýär. Ulaga ornaşdyrylan bu ulgam garyň syrap duran günleri sürüjiniň «görmeýän zatlaryny görýär» we ugry kesgitlemäge, birden togtamaga hem-de heläkçiligiň öňüni almaga ýardam edýär.
«Subaru Outback/Forester» gar-ýol tertibine geçirilende 20 santimetrden galyň garyň üstünde arkaýyn hereket edip bilýär. Taýgak ýagdaýa geçirilende bolsa, buzuň üstünde hem typmazdan ýöräp bilýär.
Ykjam krossoweriň hereketlendirijisiniň göwrümi 2,5 litrlik bolup, goşmaça güýçlendiriji ulgamy (turbo) hem bar. Uzak syýahata gidilende rahatlyk berýän bu ulag islendik ýerden geçip bilýär. Garda, buzda, dagda, umuman, islendik ýerde sürmäge niýetlenen «Subaru»-nyň bu modeli ilkinji gezek 1994-nji ýylda çykarylýar. 2025-nji ýylda «Forester»-iň gibrid görnüşi, ýakynda bolsa «Outback»-yň standart we turbo modelleri köpçülige hödürlendi.
PDF









