Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyryljak wekilçilikli maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bu çäre maslahata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Awaza forumynyň esasy maksady durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen baglanyşyklydyr. Hususyýetçilik ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyply pudak hasaplanýar. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri üçin iňňän peýdaly bolup biler.
Hususy pudagyň forumynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde halkara işewür gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu forum ýokary derejeli açylyş dialogyny, dört sany mowzuklaýyn mejlisi, aragatnaşyk we sergi meýdançalaryny öz içine alar. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwdasy we üstaşyr geçirmek, ösüş mümkinçilikleri, sanlylaşdyrmak, maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasaty hakynda pikir alşylar, täze başlangyçlar öňe sürler. Umuman, hususy pudagy ösdürmek bilen bagly meseleleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň indiki onýyllyk ösüş maksatnamasy işlenip düzülende göz öňünde tutulmagy forumyň esasy netijeleriniň biri bolar.
Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy esasynda döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýar. Biz muny halkara sergi-ýarmarkalarda, forumlarda ýokary hilli önümlerimiz we hyzmatlarymyz bilen gatnaşyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyby barha artýan hususyýetçilerimiziň iş tejribesinde aýdyň görýäris. Bu gün ýurdumyzda öndürilen önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar, halkara sergi-ýarmarkalarda abraýly baýraklara mynasyp bolýar. Türkmen telekeçileriniň hatarynda ulag-logistika ulgamynda netijeli işleri ýola goýup, dünýäniň çar tarapynda harytlary daşamakda baý tejribe toplaýanlaryň az däldigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek we olary hemme ugurdan goldamak, hususyýetçileriň ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzak möhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek işleri toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýumlary bermek boýunça durmuşa geçirilýän işler ýokary hilli milli önümleriň möçberiniň, görnüş sanawynyň artmagyna getirýär.
Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyz ozaldan hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, sport ugurly halkara derejeli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplady.
Ýurdumyzda söwda, hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda hususy telekeçilik sazlaşykly ösdürilýär. Telekeçiligiň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýynyň yzygiderli artmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisiniň ýokarlandyrylmagy sazlaşykly utgaşdyrylýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň geçirilmegi möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribeleri baýlaşdyrmaga uly kömek eder. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hususy pudagy ösdürmek bilen baglanyşykly täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, şol döwletler üçin degişli maslahatlary, teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer. Bu möhüm ugurdaky oňyn çözgütler forumyň netijeleri boýunça kabul ediljek 2024 – 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda mynasyp orun alar.
Berdimyrat SAPAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynyň müdiri.
PDF









