30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Yslamabadyň Strategiki barlaglar instituty (ISSI) bilen bilelikde guramagynda ISSI-niň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi.
Iki sany bölümçede geçirilen maslahatda Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň, Yslamabadyň Strategiki barlaglar institutynyň, BMG-niň Pakistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we diplomatlar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda halkara tagallalaryny jebisleşdirmäge we munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleri we mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen syýasaty barada gürrüň berdi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen syýasata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan ýokary baha berildi. Bu barada 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda nygtaldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň dowamynda beýan eden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda halkara gatnaşyklaryny oňyn tarapa ugrukdyrmak üçin şertleri döretmek, dünýä syýasatynda ynamy güýçlendirmek we halklaryň arasyndaky dialogy dikeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentine parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty ilerletmekde öňdebaryjy orny we goldawy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Häzirki wagtda bu hereketleriň halkara meseleler bilen baglylykda has-da möhümdigi bellenildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ynama, hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge esaslanýan parahatçylygy döretmek üçin täze gözýetimleriň açylmagy bilen, 2025-nji ýylyň diňe bir Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň taryhyna hem girjekdigine ynam bildirdiler.