2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisi geçiriler. Bu halkara sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda guraljak bu halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu barada 15-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









