15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hil babatda gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









