Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly orun degişlidir. Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy bar. Şunuň bilen baglylykda, muzeýleriň gaznasynyň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklaryny toplamak boýunça şu ýylda hem hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Bu barada 10-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.