Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 24-26-njy iýuny aralygynda Andijan we Kokand şäherlerinde geçirilen çärelere ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.
24-nji iýunda Andijanda geçirilen sungat ussatlarynyň konsertinde, ýurdumyzyň döredijilik topary üstünlikli çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen konsertde hem toparymyz «Meleguş», «Küştdepdi» atly aýdymly tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Halkara medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF









