Awst­ra­li­ýa­nyň Mo­naş uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar hep­de­de yzy­gi­der­li ýu­murt­ga iý­me­giň uly ýaş­ly adam­la­ryň sag­ly­gy­na örän oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ni we ýü­rek-da­mar sag­ly­gy­ny go­ra­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. «Nut­rients» žur­na­lyn­da çap edi­len ne­ti­je­le­re gö­rä, hep­de­de al­ty sa­ny ýu­murt­ga iý­ýän uly ýaş­ly adam­la­ryň umu­my sag­lyk ýag­da­ýy bu önü­mi seý­rek ulan­ýan­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, has dur­nuk­ly bo­lup, olar­da ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­py 29 gö­te­rim pes bo­lup çyk­dy.
70 ýaş we on­dan uly bo­lan 8 müň 700-den gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len köp­ýyl­lyk yl­my der­ňew­ler bu iý­mi­tiň adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga hem ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Mun­dan baş­ga-da, hü­när­men­ler ga­nyn­da ho­les­te­ri­niň de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan adam­lar üçin hem bu önü­miň zy­ýan­syz­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra luk­man­çy­lyk gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Ame­ri­ka­nyň kar­dio­lo­gi­ýa as­so­sia­si­ýa­sy sag­dyn adam­la­ryň hep­de­de ýe­di sa­ny ýu­murt­ga­ny ar­ka­ýyn iýip bil­jek­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.