Ýürek saglygy üçin iň peýdaly iýmitler mälim edildi

1

Angliýanyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren täze barlaglarynyň netijesinde, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda we bedeni antioksidantlar bilen üpjün etmekde iýmitleriň mukdaryndan has hem olaryň görnüşini dogry saýlamagyň möhümdigini anykladylar. «Food & Function» žurnalynda çap edilen bu ylmy işe 30 müňden gowrak adam gatnaşdy. Barlaglar bedeni ýürek saglygy üçin zerur bolan flawanol maddasy bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmekde käbir miweleriň we gök önümleriň has netijelidigini görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, günde, azyndan, 500 milligram flawanol kabul etmek ýürek-damar kesellerinden ölmek howpuny ep-esli azaldýar. Emma alymlaryň aýtmagyna görä, adaty sagdyn iýmitleniş maslahatlaryna eýerip, günüň dowamynda islendik gök önümleri ýa-da miweleri iýmek bedende bu maddanyň ýeterlik mukdarda jemlenmegine derman bolup bilmeýär. Geçirilen barlagda sagdyn iýmitlenýän adamlaryň 25 göteriminden hem azynyň zerur bolan 500 milligram flawanolyny alyp bilýändigi ýüze çykaryldy.
Ylmy barlagyň ýolbaşçysy doktor Hawýer Ottawianiniň bellemegine görä, flawanol maddasyna iň baý önümleriň hatarynda böwürslen, alma, garaly, klýukwa we gök çaý durýar. Şunda önümleriň düzümindäki flawanol mukdary aşakdaky ýaly görkezilýär:
Garaly (500 gr) — 450 mg
Klýukwa (250 gr) — 300 mg
Böwürslen (200 gr) — 250 mg
Gök çaý (250 ml, bir käse) — 200 mg
Çereşnýa (400 gr, takmynan 30 sany) — 130 mg
Alma (1 sany) — 110 mg
Ýertudana (200 gr) — 90 mg
Çernika (150 gr) — 80 mg
Hünärmenler diňe bir miweleriň däl, eýsem, noýbanyň käbir görnüşleriniň hem bu madda baýdygyny aýdýarlar. Reding uniwersitetiniň professory Gýunter Kýunläniň tassyklamagyna görä, önümleriň düzümindäki bu peýdaly maddalaryň öwrenilmegi geljekde adamlara has takyk we netijeli iýmitleniş maslahatlaryny bermäge uly mümkinçilik döreder.