Hytaý we KHDR strategik hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşdylar

2

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet Baştutany Kim Çen Yn hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Phenýanda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we strategik ugurlary pugtalandyrmak barada ylalaşyk gazandylar. Ýurduň Merkezi habarlar agentliginiň (STAK) maglumatlaryna görä, taraplar iki döwletiň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
«Kimsusan» kabulhanasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda KHDR-iň lideri Hytaýyň Baştutanynyň bu saparynyň iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasydygyny belledi we Phenýanyň geljekde hem «Ýeketäk Hytaý» ýörelgesine gyşarnyksyz eýerjekdigini nygtady. Öz gezeginde Si Szinpin KHDR-niň ösüş ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, Pekiniň ikiçäk gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli möhüm meseleler boýunça hereketleri utgaşdyrmak ugrundaky yzygiderli goldawyny mälim etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanlary Hytaý bilen KHDR-niň arasyndaky Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek hakyndaky şertnamanyň 65 ýyllygy mynasybetli iki ýurtda hem dabaraly çäreleri guramak barada ylalaşyk gazandylar. Gepleşikler Pekin we Phenýan tarapyndan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde «täze sepgit» hökmünde häsiýetlendirildi.