Ži­raf­lar gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň uzyn jan­dar­lar ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň bo­ýy 5 metr­den geç­ýär. Go­laý­da Awst­ra­li­ýa­nyň Kwins­lend şta­ty­nyň San­şaýn-Kost se­bi­ti­niň Bir­wa şä­he­ri­niň haý­wa­nat ba­gyn­da iň uzyn ži­raf ha­sa­ba alyn­dy. 12 ýaş­ly Fo­rest (To­kaý) at­ly ži­ra­fyň bo­ýy 5,7 met­re ýet­ýär. Ži­ra­fyň ide­di­ji­si Kat Han­sen ony öl­çe­me­giň aň­sat bol­man­dy­gy­ny bel­le­ýär. Haý­wa­nat ba­gy­nyň iş­gär­le­ri ži­ra­fyň bo­ýu­ny öl­çe­mek üçin uju­na iý­mit ýer­leş­di­ri­len öl­çeg sy­ry­gyn­dan peý­da­lan­dy­lar. Şeý­le­lik­de, jan­da­ryň dik dur­ma­gy­ny ga­zan­dy­lar. Ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­ni bol­sa jik­me-jik ýaz­ga al­dy­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ži­raf­lar agaç ýap­rak­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Şol se­bäp­li olar kel­le­si­ni ýo­ka­ryk gal­dy­ryp, has ýo­kar­ky şa­ha­la­ryň ýap­rak­la­ry­ny hem iý­ýär­ler. Adat­ça, uly ži­raf­la­ryň bo­ýy 4,6-5,5 metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ži­raf­la­ryň bo­ýu­nyň ösü­şi 3-6 ýaş ara­ly­gyn­da ta­mam­lan­ýar. Ýa­ba­ny dur­muş­da 10-15 ýyl ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar haý­wa­nat bag­la­ryn­da 20-25 ýyl ýa­şa­ýar­lar.
Fo­rest 2007-nji ýyl­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Ok­lend şä­he­ri­niň haý­wa­nat ba­gyn­da dün­ýä inip­dir. Ol iki ýa­şyn­da­ka bu ýe­re ge­ti­ri­lip­dir.