Angliýanyň çempionatynda 14-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berlip, Londonda “Fulham” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky oýunda 9 gol hasaba alyndy. Çekeleşikli geçen duşuşykda “Mançester Siti” 54 minutda 5-1 hasabynda öňe saýlandy. Şäherlileriň gollaryny Holann (17), Reýnders (37), Foden (44, 48) hem-de Sander Berge (54 ö.d.) geçirdi. Ýer eýeleri “Fulham” toparynda bolsa Smit-Rowuň (45+2), Aleks Iwobiniň (57) hem-de Çukwuezeniň (72, 78) gollary ýeňşe ýetmedi.
100 gol geçiren 35-nji futbolçy
Duşuşykda hasaby açan Erling Holannyň “Premier Ligada” geçiren gollarynyň sany 100-e ýetdi. Norwegiýaly ýyldyz hüjümçä 100 gola ýetmek üçin 111 oýun gerek bolup, ol bu ugurda Alan Şireriň rekordyny täzeledi (124 oýunda 100 gol). Ýagny APL-de bu görkezijä iň çalt ýeten futbolçy rekordynyň täze eýesi bolan Holann 100 gol salan 35-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Holann APL-de 22 klubuň derwezesinden gol geçirmegi başardy. Ol iň köp goly “Wulwerhemptonyň” derwezesinden geçirip, Holann “Mançester Sitiniň” bu klub bilen duşuşan oýunlarynda 10 gezek tapawutlandy. Holann “West Hamyň” derwezesinden 9, “Mançester Ýunaýtediň” torundan 8, “Fulhamyň” derwezesinden 7, “Kristal Palas”, “Braýton”, “Ewerton” toparlarynyň derwezelerinde 6 gol geçirdi. Ol “Luton Tawn”, “Şeffild Ýunaýted”, “Nýukasl”, “Aston Willa” toparlarynyň derwezesindenem 1 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. Holann
Şeýle-de, “Nýukasl” bilen “Tottenhamyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan duşuşygyň gollary soňky 20 minutda geçirilip, ýer eýeleri Gimaraýns (71) hem-de Gordonyň (86 p) gollary bilen 2 gezek öňe saýlansa-da, londonlylar argentinaly goragçysy Kristian Romeronyň 78-nji we 90+5-nji minutlardaky pökgüleri esasynda jogap bermegi başardy.
“Ewerton” bolsa myhmançylykda “Bornmuty” Jäk Grilişiň 78-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda utdy.
PDF









