Angliýanyň Liga Kubogyna finala çykan 2-nji toparam belli boldy. Öz meýdançasynda “Tottenhamy” 4-0 hasabynda ýeňen “Liwerpul” finala adyny ýazdyrdy.

Ýarym finalyň jogap oýnunda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Tottenhamy” kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda Arne Slotuň şägirtlerinden 34-nji minutda Gakpo, 51-nji minutda penaltiden Salah, 75-nji minutda Soboslai hem-de 80-nji minutda Wan Deýk tapawutlandy. 1-nji oýunda 1-0 hasabynda utulan “Liwerpul” umumy hasapda 4-1 öňe saýlanyp, bassyr 2-nji, soňky 4 ýylda 3-nji gezek finala çykdy. Bu olaryň 15-nji finaly bolar. “Liwerpul” topary bu kubogy 10 gezek eýeläp, sanawyň başyny çekýär.

“Liwerpulyň” finaldaky garşydaşy “Nýukasl” bolup, olar ýarym finalda 2 oýunda-da “Arsenalda” 2-0 hasaplar bilen üstün çykypdy.

“Nýukasl” bilen “Liwerpulyň” arasyndaky final duşuşygy 16-njy martda Londondaky “Wembley” stadionynda oýnalar.