Ispaniýada kitiň süňklerinden ýasalan 20 müň ýyl bilen senelenýän gurallar tapyldy. Täze açyş adamlaryň irki döwürlerde deňiz jandarlary bilen galtaşygy barada maglumat berýär. Ylmy işi Barselona awtonom uniwersitetiniň daşky gurşaw we tehnologiýa institutynyň, Fransuz milli ylmy barlaglar merkeziniň (CNRS) we Britan Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary alyp bardy. Gözlegleriň netijesinde Ispaniýanyň Biskaý aýlagynyň kenarlaryndan 83 we Bask sebitiniň Santa Katalina gowagyndan 90 gural tapyldy. Geçirilen barlaglarda gurallaryň kitleriň 5 görnüşine degişlidigi anyklandy. Ylmy barlagyň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda neşir edildi.
Aýnur ANNAGURDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.