2001-nji ýyldan bäri her ýylyň 26-njy aprelinde Halkara intellektual eýeçilik güni giňden bellenilýär. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Baş Assambleýasy (WIPO) 1999-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiren ýygnagynda Hytaý wekiliýetiniň teklibine seredip, bu baýramçylygy bellemek kararyna gelindi.
Şeýle etmek bilen, 26-njy aprelde dünýäde intellektual eýeçiligi goramaga we ösdürmäge hemaýat berýän Birleşen Milletler Guramasynyň döredijilik we intellektual eýeçilik boýunça ýöriteleşdirilen edara hökmünde ilkinji nobatda işleýän WIPO guramasynyň döredilendigi deňagramly we elýeterli halkara intellektual eýeçilik ulgamyny giňeltmeklige we ösdürmeklige uly goşandyny goşýar.
Halkara intellektual eýeçilik güni, gündelik durmuşda innowasiýalaryň we jemgyýetiň gowulaşmagynyň ähmiýetini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Söwda bellikleri, awtorlyk hukugy we şuňa meňzeş hukuklar, döredijiligiň we bilimiň netijesi hökmünde tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykdysady we medeni ösüşini ösdürmek üçin güýçli guraldyr. Şonuň üçin, adatça, bu gün dürli tematiki çäreler, we seminarlar geçirilýär. Bu geçirilýän çäreleriň umumy maksady dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Halkara intellektual eýeçilik guramasynyň wezipelerini çözmeklige; intellektual eýeçiligiň nämedigini we ony goramak ulgamynyň ösüşiniň köp ugurlarynyň ösmegine nähili goşant goşýandygy barada jemgyýete habar bermekden ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, intellektual eýeçilik gününiň çäginde her ýyl belli bir mowzuga bagyşlanýar. Şeýlelik bilen, dürli ýyllarda bu gün: “Bu gün geljegi döretmek”, “Intellektual eýeçiligi öz işiňize öwüriň”, “Hemmesi bir pikirden başlanýar”, “Durmuşyň hilini ýokarlandyrmak”, “Üýtgeşmäniň hereketlendiriji güýji: innowasiýa we döredijilikli zenanlar” ýaly şygarlar bilen her ýylda Halkara giňişliginde giňden bellenilip geçilýär.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.