ABŞ-da esaslandyrylan NDB atly kompaniýa 28 müň ýyllap ulanyp boljak batareýa işläp taýýarlaýar. Düzüminde göwher we radioaktiw izotoplar bolan batareýadan garaşylan netije alnan ýagdaýynda birnäçe meseläniň çözgüdi bolup biler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary şeýle batareýany ýene iki ýyldan satuwa çykarmagy maksat edinýändiklerini belleýärler. Batareýanyň energiýa galyndylary bilen işleýändigi, muňa garamazdan, örän ygtybarlydygy bellenilýär. Kompaniýanyň ady NDB «Nano Diamond Battery» sözleriniň baş harplaryndan emele gelipdir. Söz düzümi terjime edilende, nano göwher batareýa diýmegi aňladýar. Kompaniýanyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan batareýasy hem bu sözleriň ýöne ýere saýlanmandygyny görkezýär. Sebäbi bu batareýada radioaktiw izotoplar nano göwher gatlaklar bilen birleşip, kadaly mukdarda energiýa bölüp çykarýar. Göwher seýrek gabat gelýän we gymmatly material hem bolsa, ýokary geçirijilik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu batareýalar dürli ugurlarda – gündelik durmuşdaky enjamlar bilen bir hatarda kosmosa iberilýän enjamlarda hem ulanylyp bilner. Inženerler göwheriň tebigatdaky iň gaty materiallaryň biridigini, täze işlenip taýýarlanýan batareýalaryň elektroulaglardakydan has howpsuz boljakdygyny belleýärler.
Merjen Esengeldiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.