Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda-da ýaryma çykan toparlaryň ählisi hem belli bolup, 4-nji ligadan “Kann”, 2-nji ligadanam “Dýunkerk”, şeýle-de, Ligue 1-de çykyş edýän “Reýms bilen PSŽ iň gowy 4-lüge atlaryny ýazdyrdylar.

PSŽ myhmançylykda 4-nji liganyň wekili “Stad Brioşen” toparyny 7-0 hasabynda utdy. Gollaryň 3-sini Gonzalu Ramuş (36, 49 p, 58), beýlekileri-de Neweş (16), Due (55), Maýulu (66) hem-de Dembele (85) geçirdi.

“Anže” bilen “Reýmsiň” arasyndaky duşuşygyň esasy wagty 1-1 gutaryp, penaltilerde “Reýms” 5-3 öňe saýlandy.

Öz meýdançasynda “Dýunkerk” toparyny kabul eden “Brest” 2-0 öňe geçendigine garamazdan, 3-2 hasabynda ýeňildi (Sasso 65, Sangante 80, 84 – Lage 45, Ýussuf 59 ö.d.).

4-nji ligada çykyş edýän “Kann” öz meýdançasynda 2-nji liganyň kluby “Gengamy” 3-1 hasabynda utdy (Abbas 20, Gonsalwes 30, Dominges 69 – Siwe 46).