Mobil hasaplaýyş we awtoulag bazary üçin ýarymgeçirijileri we beýleki tehnologiýalary öndürýän köpmilletli amerikan kompaniýasy bolan “Nvidia” Angliýanyň ARM kompaniýasyny satyn alýar. BBC neşiriniň habaryna görä, geleşigiň bahasy 40 milliard dollar bolar. Bu görkezijiniň belli bir bölegi nagt pul görnüşinde tölener, bir bölegini bolsa, gymmatly kagyzlar emele getirer. ARM kompaniýasy dört ýyl ozal Ýaponiýanyň “SoftBank” konglomeratyna satylypdy. “Nvidia”-nyň bazar bahasy häzirki wagtda 260 milliard dollar töweregi.