“Apple”-iň 2007-nji ýylda satuwa çykaran ilkinji seriýasyna degişli bolan “iPhone” smartfony auksion arkaly 63 müň dollara satyldy. Bu telefon bir aý töweregi ozal LCG auksion internet saýty tarapyndan 2 müň 500 dollar başlangyç bahasy bilen satuwa goýuldy. Gutusy açylmadyk telefony almak üçin jemi 27 adam ýüz tutupdyr. Auksion saýtynyň esaslandyryjysy Mark Montero 10 adamyň soňuna çenli öz aralarynda ýiti bäsleşik edendiklerini, “iPhone”-y ABŞ-ly biriniň satyn alandygyny belledi.
2007-nji ýylda çykarylan wagty 599 dollar başlangyç bahasy bolan “iPhone”-yň 3,5 dýuýmlyk (8,89 sm) ekrany, 2 megapiksel durulygynda kamerasy, 4 ýa-da 8 GB ýat göwrümi we internete girip bilýän aýratynlygy bar.
Geçen ýyl şol auksion saýty bir “iPhone”-y, 39 müň dollara satypdy.
Gülzar MÜŞŞIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









