Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary maliýe ýagdaýlary barada maglumat ýaýratdylar. Şolaryň biri hem Ýaponiýanyň “Toyota Motor” kompaniýasydyr. Kompaniýa 2022-nji maliýe ýylynda global önümçilikde we satuwynda iň ýokary derejesine ýetipdir. Geçen ýyl pandemiýanyň ilkini ýylynda ýüze çykan çip ýetmezçiligi hem aradan aýrylyp başlapdy. Ýapon kompaniýasynyň maglumat bermegine görä, martyň ahyryna tamamlanan 2022-nji maliýe ýylynda kompaniýanyň öndüren awtoulaglarynyň sany 2021-nji ýyldakydan 6,5 göterim artyp, 9,13 milliona ýetipdir. Degişli döwürde kompaniýa Ýaponiýanyň daşyndaky zawodlarynda 6,34 milliona awtoulag öndüripdir. Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 9,2 köp bolupdyr. Kompaniýanyň global önümçiliginiň artmagynda Demirgazyk Amerika, Hytaý we Günorta-gündogar Aziýa ýaly ýurtlardaky önümçiligiň täsiri uly bolupdyr.
Ýurduň içindäki awtoulag önümçilik bolsa, 0,9 göterim artyp, 2,79 milliona ýetipdir. Kompaniýanyň mundan ozalky önümçilik rekordy 2018-nji ýylda hasaba alnyp, şol 9,55 million “Toyota” öndürilipdir.
Ahmet Myradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









