Möwsümiň 1-nji WTA 1000 ýaryşy bolan “Katar Açyk” zenanlar tennis ýaryşynda sanawyň başyny çekýän polşaly Iga Şwentek bassyr 3-nji çempionlygyny gazanyp, ol finalda gazagystanly Ýelena Rybakinany 7:6, 6:2 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi we karýerasyndaky 18-nji kubogyny asmana göterdi.

Niderlandlarda erkekleriň arasynda geçirilen “Rotterdam Açyk” tennis bäsleşiginiň finalynda italiýaly Ýannik Sinner bilen awstraliýaly Aleks de Minaur duşuşyp, ýewropaly tennisçi 7:5, 6:4 hasaplar esasynda ýeňiş gazandy we 12-nji ATP Kubogyna mynasyp boldy.

Tennis boýunça erkekleriň arasynda Argentinanyň paýtagtynda geçirilen “Buenos Aýres Açyk” ýaryşynyň finalynda çilili Nikolas Ýerrini 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňen ýerli tennisçi Fakundo Diaz Akosta karýerasyndaky ilkinji ATP Kubogyny gazandy.

Niderlandlaryň Apeldoorn şäherinde geçirilen ýurduň ýapyk desga ýeňil atletika çempionatynda zenanlaryň arasynda 400 metr ylgawda Femke Bol 49,24 sekuntda pellehana gelip, özüne degişli (49:26) dünýä rekordyny täzeledi.

Basketbol boýunça Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselonany” 96:85 hasabynda ýeňen “Real Madrid” 29-njy gezek kuboga mynasyp boldy (“Barselonanyň” 27 kubogy bar).