Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, zyýanly endiklerden daş duruň!
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň!
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň!
Witamin С – askorbin turşusyna baý önümleri iýiň!
Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutuň!
Kömelek we gök önümleri iýeniňizde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi unutmaň!
Iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý ediň we öý şertlerinde talabalaýyk saklaň!
Paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň!
Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, tebigata çykanyňyzda olaryň çakmagyndan ägä boluň!
Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak ulanmaň!
Kompýuterleriň başynda işlenende kadaly araçägi saklaň we köp işlenilýän wagty arakesme edip, maşklary ýerine ýetiriň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.