Ýaponiýanyň “JR Tokio” demir ýol kompaniýasy magnit bilen hereketlenýän tiz otlular üçin täze demir ýoluň gurluşygyna girişdi. Kompaniýa bu ýoly bölekleýin gurar. Ýapon metbugatynda ýazylyşy ýaly, ilkinji tapgyrda Sinagawa-Nagoýa aralygyndaky ýol gurlar. Uzynlygy 286 kilometre ýetjek ýoluň gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanar. 2037-nji ýyla çenli bolsa bu ýoluň uzynlygy 438 kilometre ýetirilip, Osaka şäherine barar. Ýapon hökümeti täze ýoly gurmak üçin 83 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berer.

Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.