Amerikanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Entoni Blinken, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Wiktoriýa Nulandyň ýakyn günlerde wezipesinden çekiljekdigini habar berdi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.
“Wiktoriýa Nuland ýakyn günlerde döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi wezipesinden çekilmek baradaky niýetini maňa mälim etdi. Ol ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň diplomatiýany daşary syýasatda esasy ornuna gaýtarmak islegini janlandyrdy we ýurdumyz we dünýä üçin iň kyn döwürde Amerikanyň global liderligini täzeden aýaga galdyrdy” diýlip, döwlet departamentiniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan daşary işler ministriniň resmi beýanatynda bellenilýär.
Nuland işinden çekilenden soň, onuň wezipesini döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Bassyň wagtlaýyn ýerine ýetirjekdigini Blinken aýtdy.