Hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlyk has-da berkidilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guralar.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr. Maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu barada 7-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.